2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň barşynda syýasy hökümetara gepleşikleriniň ýokary depginini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerine garadylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň toplumynyň ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdiler.
Geçirilen gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşiniň belläp, iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, yzygiderli esasda geçirilýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar iki ýurduň Baştutanlarynyň syýasy erki we tagallalary bilen ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler.
Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň berkidilmegi bilen bagly meseleler toplumyna garadylar. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.