2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi.
Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi çaltlandyrmak boýunça meýiller, adamlara we köpçülige işde elýeterligi üpjün etmek, mekdeplere we medisina hyzmatlaryna, hem-de oba ýerlerini we şäher ýaşaýjylaryny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmekligi guramaklyk, şol sanda hemmeleriň deň mümkinçiliklere eýe bolmaklary we hiç kimiň unudylmazlygy meýilnamasynda ýardam bermekligi çaltlandyrmak we ulag zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak tassyklanylýar.
Mundan başga-da kararnama sebitleýin we sebitara ykdysady integrasiýany we hyzmatdaşlygy höweslendirmek maksady bilen, şol sanda ulag infrastrukturasyny we ykjamlygy ýokarlandyrmaklygy meýilnamalaşdyrmagy kämilleşdirmeklik arkaly tagallalary birleşdirmäge, ulag aragatnaşygyny berkitmek we söwdanyň, hem-de maýa goýumlaryň ösüşinde bilelikde hereket etmäge çagyrýar.
Şeýle hem kararnamada döwletlere halkara standartlaryna we hereketlerine gabat gelýän düzgünleri we tehniki standartlary bir nusga getirmeklige gönükdirilen ulag geçelgeleriniň we infrastrukturalarynyň ösüşini meýilnamalaşdyrmakda iň ýokary hyzmatdaşlygy üpjün etmeklige teklipler getirilýär.
Kabul edilen kararnama Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň ulag ulgamyndaky hereketi hakyndaky ylalaşyga we BMG-niň ulaglary ösdürmek boýunça Ýöriteleşdirilen sebitara maksatnamasyny işläp düzmeklige gabat gelýän 2011-nji ýylyň sentýabryndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde beýan eden başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir möhüm ädimi hasaplanýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden (Ikinji komitetiň (A/72/420) nutugy boýunça) Rezolýusiýasy
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak
BMG-niň Baş Assambleýasy
daşky gurşaw we ösüş baradaky Rio-de-Žaneýro jarnamasyna, XXI asyryň Gün tertibine, XXI asyrda Gün tertibini mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasyna, durnukly ösüş boýunça Ýohannesburg jarnamasyna, durnukly ösüş boýunça ýokary derejede geçirilen Bütindlünýä duşuşygynyň (çözgütleri ýerine ýetirmek boýunça Ýohannesburg meýilnamasy) çözgütlerini ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna we Birleşen Milletler Guramasynyň “Biziň isleýän geljegimiz” ady bilen durnukly ösüş baradaky Konferensiýasynyň jemleýji resminamasyna salgylanyp,
özüniň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky “Dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň” 70/1 rezolýusiýasyny tassyklap, onda ählumumy, geljege gönükdirilen we adamlaryň köpugurly toparlarynyň gyzyklanmalaryny hem-de durnukly ösüş boýunça maksatnamalaryň hem-de wezipeleriň özgerdilmegini göz öňünde tutýan, öz borçlaryny 2030-njy ýyla çenli bu gun tertibiň doly durmuşa geçirilmegi üçin ýadawsyz tagallasyny gaýgyrmaýan, onuň ähli görnüşlerdäki we emele gelmelerdäki garyplygyň, has aňrybaş garyplygy goşmak bilen, onuň aradan aýrylmagyny ykrar edýän ählumumy möhüm wezipeler hem-de durnukly ösüş üçin zerur şertleriň biri bolup durýan we ykdysady, durmuş, ekologiýa ulgamlarynda durnukly ösüşiň toplumlaýyn üpjün edilmegine, onuň deňeçerligine, şeýle hem Müňýyllygyň jarnamasynda kesgitlenen ösüş babatdaky maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleriň berkidilmegine we olary amala aşyrmak üçin berlen döwürde ýerine ýetirip bolmadyk wezipeleriň bitirilmegine gönükdirilen wezipeleri tassyklap,
şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiň möhüm bölegi bolup durýan ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji Halkara maslahatynyň hereketleriniň Addis-Abeba maksatnamasy bilen baglanyşykly 2015-nji ýylyň 27-nji iýulynda 69/3 belgili rezolusiýasyny tassyklap, ony berkidip we üstüni ýetirip, anyk ugurlary we çäreleri strategik giňişliginde bir ugurda amala aşyrmak serişdeler gatnaşygynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny şertlendirýän hem-de onda durnukly ösüşi maliýeleşdirmegiň we ählumumy gatnaşygyň, raýdaşlygyň ruhunda ähli derejelerde oňyn şertleriň döredilimegine bolan pugta syýasy ygrarlylygyny tassyklap,
Pariž ylalaşygynyň we onuň ozal güýje giren çözgüdini kanagatlanma bilen belläp, onuň ähli taraplaryna bu ylalaşygyň ähli kadalaryny ýerine ýetirmäge çagyryp we Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasynyň bu wezipäni heniz ýerine ýetirmedik taraplaryna ony tassyklamak, kabul etmek, goldamak ýa-da goşulyşmak hakyndaky degişli resminamalary saklamak üçin mümkin boldugyça tiz wagtda tabşyrmaga çagyryp,
özüniň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 69/213 belgisi bilen kabul eden “Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly rezolýusiýasyna we 2015-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 70/197 belgili “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda” rezolýusiýasyna salgylanyp,
Türkmenistanyň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyny geçirmek bilen baglanyşykly tagallalaryny oňlap we Ählumumy maslahatyň syýasy meseleleri boýunça borçnamalary we teklipleri hakyndaky Aşgabat beýannamasyny kanagatlanma bilen belläp,
2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Ýewropanyň ykdysady topary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş topary hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda geçirilen halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky meseleler boýunça ýokary derejede geçirilen Halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny maglumat hökmünde kabul edip,
2016-njy ýylyň 5-9-njy dekabrynda Moskwada Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň ulag boýunça ministrleriniň konferensiýasynyň üçünji mejlisiniň geçirilendigini we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly ulag gatnaşyklary hakyndaky ministrleriň Jarnamasynyň kabul edilendigini we 2017-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada Ýewropa ykdysady toparynyň içerki ulag ulgamy baradaky geçen we geljekki Komitetine bagyşlanan maslahatyň geçirilendigini hem-de “Durnukly içerki ulag we ykjam täze eýýama girmek” ady bilen ministrleriň derejesindäki rezolýusiýasynyň kabul edilendigini belläp,
“Özüniň 2000-nji ýylyň 21-nji dekabrynda kabul edilen 55/215 belgili, 2001-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul edilen 56/76 belgili, 2003-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen 58/129 belgili, 2005-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen 60/215 belgili, 2007-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edi len 62/211 belgili, 2009-njy ýylyň 21-nji dekabrynda kabul edilen 64/223 belgili, 2011-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen 66/223 belgili, 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen 68/234 belgili we 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen 70/224 belgili Birleşen Milletler Guramasy bilen degişli hyzmatdaşlaryň arasynda, şol sanda hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy berkitmek hakyndaky rezolýusiýasyýalaryna salgylanyp,
şeýle hem özüniň bütin dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we (2011-2020-njy ýyllarda) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Hereketleriň on ýyllygy üçin Ählumumy meýilnama laýyklykda halkara awtomobil üstaşyr geçelgeleri boýunça hereket howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen meýilnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy hakynday 2003-nji ýylyň 22-nji maýynda kabul edilen 57/309 belgili, 2003-nji ýylyň 5-nji noýabrynda kabul edilen 58/9 belgili, 2004-nji ýylyň 14-nji aprelinde kabul edilen 58/289 belgili, 2005-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda kabul edilen 60/5 belgili, 2008-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen 62/244 belgili, 2010-njy ýylyň 2-nji martynda kabul edilen 64/255 belgili, 2012-nji ýylyň 19-njy aprelinde kabul edilen 66/260 belgili, 2014-nji ýylyň 10-njy aprelinde kabul edilen 68/269 belgili we 2016-njy ýylyň 15-nji aprelinde kabul edilen 70/260 belgili rezolýusiýalaryna salgylanyp,
halkara deňiz we howa gatnawlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Halkara deňiz guramasynyň we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň işiniň wajyplygyny ýatladyp,
şeýle hem şunuň bilen baglylykda, Baş sekretaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekiliniň alyp barýan işi barada ýatladyp,
durnukly ulag ulgamy boýunça ýokary derejedäki Geňeş toparynyň Baş sekretary tarapyndan tassyklanyp taýýarlanan “Ösüşiň bähbidine ulaglaryň durnukly ösüşini üpjün etmek” ady bilen ulag ulgamynda bar bolan ägirt uly geljegiň ugurlary hakyndaky nutugy belläp,
düzüme gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň artmagynyň ählumumy ykdysady goşulyşmak üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny, onuň durnukly ösüş babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini şertlendirýändigini we ösüşi höweslendirýändigini, düzümde gaýragoýulmasyz talaplaryň artýandygyny we onuň diňe artjakdygyny, düzümleýin maliýeleşdirmegiň ägirt uly kemçiliklerini düzetmek işiniň zerurdygyny nazarda tutup, döwlet we hususy maliýe serişdeleriniň, şeýle hem tehnologiýalaryň, nowu-haularyň talap edilýändigini we bu ulgamdaky işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny, şunuň bilen baglylykda düzüme gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň mukdarlaryny ýokarlandyrmagyň we tejribe alyşmalary giňeltmegiň zerurdygyny nazara alyp,
düzümiň ähli ugurlarynyň utgaşykylygyny ýokarlandyrmak we durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, şeýle hem sebitleýin we sebitara ykdysady goşulyşmagy hem-de parahatçylyk, açyklyk, ählumumy, birek-birege öwretmek hem-de özara bähbitli esasdaky hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň wajypdygyny mälim edip,
tutuş dünýäde tebigy we medeni mirasy saklamak ugrundaky mümkinçiliklerden ugur alyp, halkara gatnawlaryna ýardam bermek, şeýle hem ýokary hilli, ygtybarly, ekologiýa taýdan amatly we düzümiň dürli çylşyrymly ýagdaýlaryna durnukly ulgamy emele getirmek üçin maýa goýum işi amala aşyrylanda hemmeler üçin elýeterli we adalatly ýagdaýa aýratyn üns bermek we degişli hökümetara ylalaşyklary bilen laýyk gelmegini üpjün etmek wezipelerini aýratyn belläp,
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn islegleriniň kanagatlandyrylmagynyň, hususan-da, olary halkara bazarlary bilen baglanyşdyrýan netijeli ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň möhümdigini tassyklap, şunuň bilen baglylykda 10-njy Almata jarnamasyny, Wena jarnamasyny we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we ösüp barýan üstaşyr ýurtlaryň hem-de olaryň milli, ikitaraplaýyn, sebitara, sebitleýin we ählumumy derejelerdäki ösüş ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň arasyndaky anyk gatnaşyklary üçin pugta binýady üpjün edýän 2014-2024-nji onýyllykda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Wena maksatnamasyny tassyklap,
adalaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagyň, kiçi adalardaky ösüp barýan döwletleriň sebitleýin bazarlara we ählumumy önümçilik-bazar ugurlaryna, şol sanda olaryň deňiz we multimodal ulag hem-de ykdysady geçelgelerine goşulmagy hem-de kiçi, ösüp barýan ada döwletleriniň gatnaşyklarynyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde durnukly ösüş babatdaky başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermegiň wajypdygyny belläp,
hususy pudagyň maýa goýum ýagdaýyna, şol sanda döwlet-hususy ulgamlary kemala getirmek we aragatnaşyk, multimodal gatnawlar, şol sanda demir ýol we awtomobil ýollary, suw ugurlary, ammarlar, port hojalygy ulgamlaryndaky düzümlere edilýän hyzmaty ösdürmek üçin muzdsyz we muzdly karz serişdelerini ulanmak arkaly utgaşykly maliýeleşdirmegi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny we pesiräk ösüşli ýurtlarda, şunuň bilen baglylykda Stambul jarnamasynda hem-de 2011-2020-nji ýyllaryň onýyllygynda pesiräk ösüşli ýurtlar üçin hereketleriň Maksatnamasynda bellenilýän işiň esasy ugurlarynyň biriniň pes ösüşi bolan ýurtlarda degişli düzümiň döredilmeginiň wajypdygyny tassyklap,
syýasy, söwdany ösdürmäge, düzüm ugurlarynyň utgaşyklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermegiň, hyzmatdaşlygyň maliýeleşdirilişini we sebitara, sebitleýin we ählumumy derejelerdäki adamlaryň arasynda durnukly ösüşi üpjün etmegiň birnäçe möhüm ugurlaryna degişli tejribe alşylmagyny ösdürmegiň wajyp ornunyň bardygyny nazara alyp,
ulag we üstaşyr, ikitaraplaýyn, sebitara we sebitleýin ylalaşyklara gatnaşyjylar boýunça halkara konwensiýalarynyň doly we netijeli amala aşyrylmagyny goşmak arkaly düzgünnamalary hem-de resminamalary ylalaşmagy, ýönekeýleşdirmegi we standartlaşdyrmagy höweslendirmegiň zerurdygyny aýratyn belläp,
multimodal gatnawlar ulgamynyň ösüşinde köçe, awtomobil, şol sanda jemgyýetçilik ulaglaryny, demir ýol, deňiz, derýa ulaglaryny, gämi we howa gatnawlaryny, şeýle hem motorsyz ulagy, ýagny, welosipedi we pyýada ýolagçylary nazara almagyň hem-de kiçi uglerod we energiýany netijeli peýdalanýan hem-de “işikden işige çenli” bökdençsiz hereketi hem-de adamlaryň we harytldaryň bökdençsiz hereketini we özara baglanyşygyny üpjün etmek üçin özara baglanyşykly ulag ulgamyny has giňden peýdalanmagyň wajypdygyny belläp,
awtomobil ýollarynyň, köçeleriň, demir ýollarynyň, içerki suw akabalarynyň, ulag-üstaşyr merkezleriniň we portlarynyň özara bagly bolan ulgamyny ösdürmek hem-de energetika, ýer we beýleki serişdeleriň sarp edilmegini azaltmak, zäherli gazlaryň taşlandylarynyň, ozon dargadyjy maddalaryň we beýleki hapalaýjylaryň derejesini azaltmak hem-de oňyn durmuş netijeliligini gazanmak üçin öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak arkaly multimodal daşamalaryň toplumlaýyn ulgamyny peýdalanmagyň hasabyna ulag gatnaşyklaryny berkitmekde hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellemek bilen,
şeýle hem 2030-nji ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibini hem-de onuň içine girýän “hiç kimiň unudylmazlygy” üçin wadalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan möhüm ädime öwrüljek obalaryň ýaşaýjylaryna, aýratyn-da, ösýän ýurtlaryň oba ilatyna uly we kiçi şäherlerde hojalyk we jemgyýetçilik işlerinde gatnaşmaga mümkinçilik döretjek hem-de obaly telekeçileriň we ownuk mülkdarlaryň önüm öndürijiligini we bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berjek esasy ýollara, köçelere, demir ýollaryna hem-de jemgyýetçilik we motorlaşdyrylmadyk ulaglara, şeýle hem ulag-üstaşyr merkezlere mümkinçilik döretmek boýunça tagallalary goldamagyň möhümdigini belläp,
ulag ulgamlaryny düýpli özgetmegi, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we pes uglerodly tehnologiýalary, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmaga, ösýän ýurtlara kuwwatyny artdyrmakda goldawyň berkidilmegine esaslanan energiýa tygşytlaýjy ulgamlary hasaba almak bilen, ylmy tehniki gazananlaryň hem-de täzeçillikleriň durnukly, toplumlaýyn, multi-modal we intermodal ulag ulgamlaryna goşulmagyna ýardam etmegiň möhümdigini bellemek bilen,
içerki ugurlarda ulag gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de ýerli we sebit derejelerinde şäherleriň we obalaryň arasynda ulag gatnawlaryny gowulandyrmak, şäherleriň, halklaryň we serişdeleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek hem-de içerki sebit we sebitara söwdasyny ösdürmäge ýardam etmek üçin ulag we üstaşyr geçelgeleriniň möhüm ähmiýetini bellemek bilen,
halkara ulag ýollaryny kesgitlemekde, taslamasyny düzmekde we döretmekde ulag hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň howpsuzlygy we goraglylygy bilen bagly bolan pikirleri hem-de ulagyň her bir görnüşiniň bäsleşige ukyply artykmaçlyklaryny nazara almak hem-de düzüm hajatlaryny kanagatlandyrmak we şeýle ýollaryň üpjün edýän hyzmatlary babatda kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýady döretmek, jemgyýetçilik gepleşiklerini geçirmäge ýardam etmek, zähmet howpsuzlygynyň we iş ýerlerinde saglygy goramagyň talaplaryny berjaý etmek hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin işgärler düzüminiň gender deňligini üpjün etmegiň gerekdigini tassyklap,
özüniň ýaş we gender aýratynlyklaryny nazarlaýan, elýeterli we durnukly şäher gatnawyna, gury ýer, deňiz ulaglary ulgamyna bolan ählumumy elýeterliligini şertlendirýän, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň durmuş hem-de ykdysady ýagdaýyna, ulaglaryň we şäheriň hem-de çäk ösüşiniň umumy meýilnamalarynyň ösüşine goşulmagyň hem-de ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň giň görnüşleriniň berilmegine goldaw bermek boýunça borçnamalaryny tassyklap,
Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara, sebitleýin we sebitara guramalaryň, hususan-da, Bütindünýä bankynyň, sebitleýin ösüş banklarynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Halkara demir ýollar birleşiginiň we halkara we sebitleýin ulag-üstaşyr geçeleglerini döretmek hem-de ulanmaga bermek boýunça degişli mandatlaryň çäklerinde hereket edýän Halkara ulag forumynyň tagallalaryny kanagatlanma bilen belläp,
durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag we üstaşyr geçelegleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny dowam etmegiň zerurdygyny tassyklap,
Baş sekretaryň durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky nutugyny maglumat hökmünde kabul edip,
ulag we gatnaw düzümlerini ösdürmek we degişli hyzmatlaryň görnüşlerini mümkin bolan ýerde höweslendirmek arkaly artdyrmak, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, goşmaça maliýe serişdeleriniň jemlenmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp,
1. iş orunlaryny döretmekde, adamlaryň we jemgyýetiň işe, mekdeplere, lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde, oba ilatynyň, şäherleriň harytlar we hyzmatlar bilen üpjünçiligi guramakda, her kimiň deň mümkinçilige eýe bolmagynda hiç kimiň unudylmazlygynda logistik bölümleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga bolan ygrarlylygyny tassyklaýar;
2. Baş sekretara birinji maslahatyň maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin durnukly ulag ulgamy boýunça ýene bir ählumumy maslahaty çagyrmagyň mümkinçiligine seretmegi teklip edýär we şeýle maslahatyň býujetden daşary serişdeleriň hasabyna maliýeleşdiriljekdigini belleýär;
3. agza-döwletlere özünde durnukly ulag ösüşi boýunça nobatdaky Ählumumy maslahaty kabul etmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etmeklerini teklip edýär;
4. howanyň üýtgetmeginiň täsirini peseltmek we oňa uýgunlaşmak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň pes uglerodly, energiýa netijeli görnüşleriniň, şeýle ulaglaryň durnukly gönüşleriniň iş ýüzünde ulanylmagy üçin köpsanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda uzakmöhletleýin strategiýanyň we hyzmatdaşlygynyň wajypdygyny aýratyn belleýär;
5. sebitleýin we sebitara ykdysady goşulyşmagy, hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag düzüminiň meýilnamalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegini we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ulag gatnaşyklarynyň berkidilmegini hem-de söwdany we maýa goýumlary ösdürmäge ýardam bermegi höweslendirmek babatda tagallalary etmäge çagyrýar;
6. şeýle çözgüdi kabul etmedik ähli döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň ulag we üstaşyr çärelerini ýönekeýleşdirmek meseleleri, serhetlerde ýüklere gözegçilik etmegiň ylalaşylan şertleri we MDP (MDP-nyň konwensiýasy) ýa-da oňa goşulmagyň kitapçalaryny ulanmak arkaly halkara ýük daşamak hakyndaky Gümrük konwensiýasyny tassyklamagy we oňa gol çekmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýär;
7. döwletlere ulag geçelgelerini meýilnamalaşdyrmakda we ösdürmekde, degişli halkara standartlaryny hem-de düzgünleri we tehniki ülňüleri tassyklamaga gönükdirilen hereketlere baglylykda zerur tagallalaryň üpjün edilmegine goşant goşmagy teklip edýär.
8. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlar guramalaryna we beýleki halkara guramalaryna, degişli halkara maliýe edaralaryna, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlara, hususy pudaga tagallalary utgaşdyrmagy dowam etmek, durnukly ösüş ulgamynyň maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksatlary bilen ýurtlara maýa we tehniki kömegi bermek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýär;
74-nji plenar mejlis, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabry