Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
27 mart 2026
99

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler.

2026–2030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn jemgyýetçilik kadalaryny kemala getirmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.

2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2026-2030-njy ýyllar üçin bu Meýilnamanyň nobatdaky tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.