Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
01 aprel 2026
140

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar.

Parlamentara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda BMG-ä agza döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny hem-de oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, ýurdumyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjyny aýratyn belledi. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürendigini, Türkmenistanyň halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini nygtady.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara forumyň üç ugry öz içine alýan mejlisleriniň işine gatnaşyp, häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek, ulag geçirijilerini döretmek we giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar we taslamalar barada belläp geçdiler.