2017-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakynda maslahat geçdi.
Maslahatyň işine Mejlisiň, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we beýleki birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýäniň gün tertibiniň strategiki meseleleri boýunça, aýratyn hem ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdiler. Şeýle-hem maslahatda çykyş edenler kabul edilen kararnama sebitleýin we sebitara ykdysady goşulyşmagy, hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag düzüminiň meýilnamalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegini we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ulag gatnaşyklarynyň berkidilmegini hem-de söwdany we maýa goýumlary ösdürmäge ýardam bermegi höweslendirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar diýip aýdyp geçdiler.
Mundan başgada howanyň üýtgetmeginiň täsirini peseltmek we oňa uýgunlaşmak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň pes uglerodly, energiýa netijeli görnüşleriniň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.