Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
14 aprel 2026
176

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Martin Brukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hem öz gezeginde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini tassyklamak bilen, iki ýurduň arasynda özara bähbitli dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy.

Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl Rim şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň öňdebaryjy işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän işewürlik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etmegiň ähmiýetini hem bellediler.