Baş sahypa / Habarlar
img
29 maý 2026
73

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Bu ugurlar halkara syýasaty we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howa gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýanyň ýörelgelerine ygrarlydygyny, BMG-niň merkezi utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmagy we Baş Assambleýanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça esasy halkara mehanizm hökmünde netijeliligini ýokarlandyrmagy goldaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasy, halkara hukugyny ilerletmek, halkara gatnaşyklarda dialog we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan işi bilen bagly başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu başlangyç parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde hukuk mehanizmleriniň ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

Taraplar 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny durmuşa geçirmek, howa we ekologiýa gün tertibi, şol sanda Türkmenistanyň sebit howa merkezlerini döretmek hem-de Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmek baradaky başlangyçlary boýunça meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC) netijeleriniň ähmiýeti bellenildi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar zenanlaryň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertiplerini ilerletmek, şeýle hem bu ugurlarda sebit dialogyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki, BMG-niň we Baş Assambleýanyň ornuny goldamakdaky, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki hem-de halkara ulag gün tertibini ilerletmekdäki ornuny ýokary bahalandyrdy.

Annalena Berbok Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny we beýleki halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki gazanan üstünlikleriniň hem-de amaly tejribesiniň BMG-de dünýä durnukly ösüş gün tertibini netijeli ilerletmegiň oňyn mysaly hökmünde garalýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. Taraplar bu resminamanyň Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ynanyşmak we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Söhbetdeşler häzirki halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar hem-de ynanyşmagy, dialogy we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.