Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
18 iýun 2026
72

DIM-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar yzygiderli maslahatlaryň we duşuşyklaryň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki başlangyçlary öňe ilerletmäge ýardam berýändigini bellediler.

Taraplar ykdysady özgertmeleri goldamak, maýa goýumlary çekmek we strategiki taýdan wajyp bolan taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.