2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, XXI ýüzýyllygyň bütindünýä ulag diplomatiýasy» ady bilen brifing geçirildi.
Agzalan brifinge “Ahali Sakartwelo” media holdingiň ýolbaşçysy, Gruziýanyň at gazanan žurnalisty B.Naçkebiýa, “Rezonans” gazetiniň redaktory A.Gwimradze, “Geo traveller” halkara žurnalynyň redaktory N.Iloşwili, “Foreign Business Georgia” halkara žurnalynyň Baş redaktory W.Miroşniçenko, “News day Georgia” habarlar agentliginiň direktory A.Otinaşwili, “Свободная Грузия” elektron gazetiniň redaktory M.Muradowa we beýlekiler işjeň gatnaşdylar.
Brifingde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow çykyş edip, 2018-nji ýyl Türkmenistanda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip at berilendigini, Bitarap Türkmenistan üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikledýär diýip belledi.
Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky abraýynyň barha ösýändigini, BMG bilen gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini we BMG tarapyndan Türkmenistana ynamynyň artýandygyny aýdyň görkezýär, diýip Ilçi belledi.
Bu ugurda BMG-de we beýleki abraýly halkara guramalarda umumy tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeläp, bitarap Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri infrastruktura taslamalary teklip edýär we amala aşyrýar, seýlelelikde sebitleýin we global ölçeglerde ulgamlaýyn ulag infrastrukturasynyň döredilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.
Brifingiň ahyrynda Gruziýanyň KHBS-niň wekilleri Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärlerine we Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisine brifingi gurnandygy we geçirendigi üçin minnetdarlygyny bildirdiler we möhüm başlangyçlar we teklipler bilen, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda, çykyş etmek bilen Türkmenistan täze geoykdysady giňişliginiň arhitekturasyny gurmaga özüniň uly goşandyny goşýar diýip bellediler.