Baş sahypa / Habarlar
img
17 awgust 2026
66

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar.

Iki döwletiň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn garaldy.

Amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze mazmun bermäge özara gyzyklanma bildirildi.