Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
18 awgust 2026
132

Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem iki ýurduň arasynda konsullyk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.