Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
17 sentýabr 2026
272

Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi

2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabrynda Aşgabatda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly möhüm meselelere bagyşlanan «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infrastrukturanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem möhüm maglumat infrastrukturasyny goramak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Emeli aňy ösdürmek, hemra aragatnaşygy we spektri dolandyrmak, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri döretmek we olaryň işini üpjün etmek, şeýle hem sanly tehnologiýalar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy we taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar tejribe alyşdylar we sanlylaşdyrma hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň howpsuz ösdürilmegi babatda geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.