Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy
2026-njy ýylyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.
Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Günüň ikinji ýarymynda Aziýa medeniýeti milli merkezinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan sergi bilen utgaşdy. Onda muzeý gymmatlyklaryna, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerine, milli lybaslara orun berildi.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň dünýä ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Koreýadaky Medeniýet günleriniň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda däp bolan dostlugy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Çykyşlardan ruhy lezzet alan tomaşaçylaryň umumy pikirine görä, şeýle çäreler halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirmek bilen, milli mirasa we häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýär.
Gadymy hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.