Baş sahypa / Habarlar
img
08 oktýabr 2026
83

«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi

2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi.

Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hemmeleri mähirli mübärekläp, foruma gatnaşýanlaryň şeýle wekilçilikli düzümi häzirki wagtda jemgyýetde hem-de döwletde zenanlaryň orny baradaky meselä halkara jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýändigini belledi.

Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygy aýratyn bellenildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle hem ýurdumyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda zenanlaryň jemgyýetde, döwlet dolandyryşynda hem-de halkara diplomatiýada eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada belläp geçdi.

Soňra çykyş etmek üçin plenar mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bu halkara çäräniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara bolan sarpanyň, olaryň mertebesine goýulýan uly hormatyň Türkmenistanda mukaddeslik derejesine göterilendigini hemişe belleýändigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, bu forum Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şahsy ünsi netijesinde, Türkmenistanda zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryna gatnaşmaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Soňra BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çykyş etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan halkara dialoga gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de şeýle wajyp gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamada göz öňünde tutulýan wezipeleriň BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibi boýunça Kararnamasynyň wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna, halkara hukukda zenanlaryň hukuklaryna möhüm orun berilýändigine üns çekildi.

Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Zenanlar we maşgala işleri baradaky komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa söz berildi. Dilnozahon Kattahanowa özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn häsiýetini belläp, häzirki zaman ählumumy şertlerde zenanlaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gatnaşmagynyň anyk mehanizmler bilen berkidilmelidigini nygtady.

Dilnozahon Kattahanowa döwletara iş toparyny döretmegi we nobatdaky zenanlar dialogyny Özbegistanda geçirmegi teklip edip, çykyşyny tamamlady.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa çykyş etdi. Ol zenanlaryň deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we olaryň hukuk taýdan goraglylygynyň Gazagystanyň esasy ileri tutulýan milli ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd çykyşynda eýran zenanlarynyň ykbalynyň ýurduň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, olaryň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, ylymda, sportda, sungatda we döwlet gurluşynda uly üstünlikleri gazanyp, diňe bir synçy bolman, eýsem, taryhy döretmäge hem işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Bu ugurda Eýranyň döwlet syýasaty maşgala institutyny pugtalandyrmaga, kemsitmeleri aradan aýyrmaga we zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin institusional şertleri döretmäge gönükdirilendir. Zenan telekeçiligini goldamak üçin Eýranda toplumlaýyn infrastruktura döredildi.

Soňra çykyş etmek üçin Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň hemişelik toparynyň başlygy Nataliýa Pawlýuçenko söz berildi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň öz ýurdunda Prezident Aleksandr Lukaşenko tarapyndan «Belarus zenany» diýlip yglan edilendigini aýtdy.

Mundan başga-da, Nataliýa Pawlýuçenko şu ýylyň 12-13-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň Polosk şäherinde halkara maşgala forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, maslahata gatnaşyjylary tejribe alyşmak üçin öz ýurduna gelmäge çagyrdy.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak çykyş etmek bilen, Türkiýäniň türkmen zenanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ugrunda döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň zenanlaryň jemgyýetlerimiziň geljegini kemala getirmekdäki ornuny has-da berkitjek täze hyzmatdaşlyklar üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň ýolbaşçysy Zamira Akbagyşewa bildirilen myhmansöýerlik we halkara zenanlar dialogynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň çagalaryň saglygyny goramak, maşgalalary durmuş taýdan goldamak babatda alyp barýan işiniň zenanlaryň ynsanperwer ulgamdaky liderliginiň aýdyň mysallarynyň biridigini belledi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Medeniýet komitetiniň, Jemgyýetçilik birleşikleri we dini edaralar baradaky komitetiniň agzasy, Azerbaýjan — Türkmenistan parlamentara gatnaşyklar boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Tanzila Ýolçu gyzy Rustamhanli çykyş etdi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki ýakyn gatnaşyklar, özara ynam we syýasy erk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda öz oňyn täsirini görkezýär. Bu gatnaşyklar parlamentara hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Işewür zenanlarynyň Milli assosiasiýasynyň esaslandyryjysy we dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Gulbahor Mahkamowa söz berildi. Ol Täjigistan tarapynyň bu Dialogyň Türkmenistanda geçirilmegine ýokary baha berýändigini nygtady.

Zenanlara hormat goýmak asyrlarboýy iki halkyň durmuş ýörelgesiniň binýadyny emele getirýän esasy häsiýetleriň biri bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýörelgeler zenanlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilliklerinde, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarda öz beýanyny tapýar.

BMG-niň we ugurdaş halkara institutlaryň wekilleri adam hukuklary ulgamynda we BMG-niň Kararnamalaryny ilerletmekde konwensiýa mehanizmleriniň uly ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyşlarda zenanlaryň hukuklaryny pugtalandyrmak, döwlet derejesinde inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak hem-de zenanlaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça sebitde alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.

Çykyşlarda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatyndaky Ählumumy gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.