Baş sahypa / Habarlar
img
09 oktýabr 2026
181

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde we köptaraplaýyn dialogy alyp barmakda Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda işjeň hem-de başlangyçly orny eýeleýändigi bellenildi. GDA-nyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan uly goşandyny belläp, oňa mähirli salamyny ýetirdi.

Myhmany mähirli mübärekläp, Prezident  Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Döwlet Baştutany bu mejlisiň halkara gün tertibiniň giň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boljakdygyny belläp, onuň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlykdygy aýratyn nygtaldy. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde dürli ugurlarda uly mümkinçiliklere we kuwwata eýe bolmak bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi goldaýar.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we çärelere işjeň gatnaşýar, ykdysadyýet, söwda, medeniýet we sport ulgamlarynda giňden hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem ulag we energetika ulgamlarynda tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagy goldaýar.

Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, GDA-nyň agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi, GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň we GDA-nyň agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejli ýaly möhüm çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet, sungat we ylym işgärleriniň arasynda göni aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny belläp, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilendigini aýtdy.

Bu ugurda şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi, «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle hem GDA agza döwletleriniň milli tagamlarynyň festiwaly we sergisi geçirilýär. Bu çäreler Arkalaşyga agza ýurtlaryň baý medeni-taryhy mirasyny açyp görkezmäge hem-de halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutany medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň, bilelikdäki festiwallary, Medeniýet günlerini we kino günlerini geçirmegiň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda däp bolan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjak netijeleri gazanmak maksady bilen, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler hem-de tagallalaryň netijeli utgaşdyrylandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli işgärlerine, hususan-da, Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.