2016-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabatda Awtomobil ulaglary we ýol hojalygynyň işgärleriniň halkara kärdeşler arkalaşygynyň birleşigi bilen bilelikde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Ýolçylarynyň Hökümetara Geňeşiniň (GDA ÝHG) 38-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise GDA-niň agza-ýurtlarynyň ulag ministrlikleriniň we ýol guramalarynyň ýolbaşçylary, GDA-niň Ýerine ýetiriji komiteti, Awtomobil ulaglary we ýol hojalygynyň işgärleriniň halkara kärdeşler arkalaşygynyň birleşigi, Russiýanyň awtoulaglarynyň birleşigi ýaly guramalarynyň wekilleri, şeýle hem awtomobil ýollary hojalygynyň çygryndaky bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň ulag toplumynyň ýagdaýy we ösüşi, durnukly ösüşiň maksatlarynda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny, GDA-niň halkara awtomobil ýollary baradaky Teswirnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri we olaryň goňşy döwletleriň serhet geçelgeleriniň ýollarynyň ösüşi, ýol gurluşygy pudagynda zähmet goragynyň howpsuzlygy, awtomobil ulaglary pudagynda täze tehnologiýalaryň, materiallaryň, maşynlaryň, mehanizmleriň we barlaghanalaryň ornaşdyrylmagy.
Pikirleriň alşylmagynyň dowamynda gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýol pudagynyň meselelerini çözmekde strategiki garaýyşyň we bitewi çemeleşigiň umumylygyny görkezdiler. Işiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Ýolçylarynyň Hökümetara Geňeşiniň 38-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.