2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamanyň kabul edilendigi barada bellenildi. Bu kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara giňişligindäki ýokary abraýy barada şaýatlyk edýär.
Şeýle-de Türkmenistanyň dünýä derejeli ähmiýete eýe bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri möçberli infrastruktura taslamalary boýunça başlangyçlary teklip edýändigi we amala aşyrýandygy hem-de täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasyny emele getirmekde öz mynasyp goşandyny goşýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylar “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyryldy. Has takygy ýygnaga gatnaşyjylar şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygynyň indiki tapgyrynyň düýbi tutulmagy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik togyny geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygynyň başlamagy hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň açylyşy mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigi barada bellenildi.