2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işine başlan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan BMG-niň Ženewadaky bölüminde Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Beýik ýüpek ýoly: intermodal aragatnaşyk we taryhy ulag ugurlarynyň ähmiýeti» atly çäresi geçirildi.
Ulag gün tertibini ösdürmek boýunça işini we BMG-niň Konwensiýalarynyň we halkara ulag ylalaşyklarynyň 58-ni durmuşa geçirmegi düzgünleşdirýän BMG-niň ÝYK-niň wajyp düzümleriniň sessiýasynyň çäginde gurnalan çäre Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasyna gatnaşan wekiliýetlerde uly gyzyklanma döretidi. Türkmenistanyň wekiliýeti çäräniň gurnaýjysy hökmünde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edildi. Esasy çykyş edenler BMG-niň ÝYK-niň territoriýasyndan Beýik ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän agza-ýurtlarynyň Hemişelik wekilleri boldular. Olar hususan hem, Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Russiýa Federasiýanyň Hemişelik wekiliniň orunbasary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary – Halkara awtomobil Federasiýasynyň Prezidenti, BMG-niň ulag howpsuzlygy boýunça Baş Sekretarynyň Ýörite wekili j-p Žan Todt, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş Sekretary j-p Umberto de Pretto, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Komitetiniň Başlygy j-p Tadeuş Şozda, BMG-niň ÝYK-niň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary j-p Andreý Wasilýew. Mundan başga-da, Owganystanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri aýratyn çykyşlary etdiler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar taryhy ulag ugurlarynyň hususan hem Beýik ýüpek ýolunyň geljekki mümkinçilikleri babatda nukdaýlary we BMG-niň Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynda beýan edilen esasy aspektler babatda pikirleri alyşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar esasy ünsi Ýewropa sebiti ýurtlaryndan geçýän uzyn we wajyp ähmiýetli ugryna «Beýik ýüpek ýoluna» aýratyn üns bermek bilen intermodallygyň täsiri arkaly taryhy ulag ugurlaryny dikeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan hem, Türkmenistanyň wekiliýeti «Beýik ýüpek ýolunyň» häzirki döwürde tazeden emele gelýänini belledi. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik ýüpek ýoluna» eýermegiň ýolunda ulag ugurlarynyň goralmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna ünsi çekmegi we bu ugurda işi öňe sürmäge Türkmenistanyň taýýarlygyny maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edildi. Durnukly ulag, çygrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şunuň bilen bagly meseleleri çözmekde ylalaşylan we balansirlenen çemeleşmeleri, BMG-niň Baş Assambleýanyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň kabul edilmegi babatda aýdyp, Türkmenistanyň wekiliýeti bu kararnamanyň 2030-njy ýyla çenli Global gün tertibini durmuşa geçirmekde ulag ulgamynda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny üpjün etmek üçin Baş Assambleýanyň seýrek duş gelýän resminamasydgyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň meselesine degişlilikde ulag gün tertibini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde garamak bilen, ulgamlaýyn global hyzmatdaşlygynyň we ulag pudagynda strategiki meýilleşdirişiň zerurlygyny ençeme gezek belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Içerki ulaglar boýunça komitetiniň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäre 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüşine degişlilikde kabul edilen global maksatlary we Gün tertibiniň meselelerini durmuşa geçirmegiň wajyp düzüjisi hökmünde ulag ulgamynyň ähmiýeti bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene-de bir mümkinçiligi döretdi.