Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
22 oktýabr 2026
108

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we ynsanperwer ulgamlarda ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.