Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň köp dilli bilim bermek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stoly geçirildi.
Foruma sebitiň döwletleriniň degişli edaralarynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim bermek boýunça halkara çemeleşmeleri nazara almak bilen, milli bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar dil başarnyklaryny ösdürmegiň, bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmagyň we mugallymlaryň hünär mümkinçiliklerini berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Birnäçe dilde okatmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, degişli okuw-usulyýet materiallaryny taýýarlamaga we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem mekdebe çenli we başlangyç bilim ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Geçirilen duşuşyk milli tejribeleri alyşmak we bilimiň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.