Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, bilim edaralarynyň we degişli guramalaryň wekilleri, şeýle hem mugallymlar we magistrantlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda kitabyň ýapon dilinde neşir edilmeginiň Ýaponiýanyň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry bilen tanyşdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylyş esasynda yzygiderli ösdürilýär. Syýasy-diplomatik dialog bilen bir hatarda, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem möhüm orun eýeläp, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Kitabyň ýapon diline terjime edilmeginiň ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, medeniýetara dialogy giňeltmek hem-de Ýaponiýada Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary, şol sanda parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly halkara ösüşini berkitmäge gönükdirilen tagallalary barada maglumatlary ýaýratmak üçin aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi türkmen-ýapon medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boldy.