Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumy geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda konstruktiw gepleşikleri giňeltmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Sebitiň durnukly ösüşini goldamakda, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde we Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary ösdürmekde parlamentara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň işjeň döwletara dialogy ösdürmäge, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýär.