Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
img
img
16 noýabr 2026
125

COP31-iň çäklerinde ekologiýa hyzmatdaşlygy we howa çözgütleri meseleleri boýunça tematik sessiýalar geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen çölleşmäge garşy göreşmek babatda sebit hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýaşlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň howa meselelerini çözmäge gatnaşmagyna bagyşlanan iki sany tematiki sessiýa geçirildi.

Şeýlelikde, COP31-iň çäklerinde türkmen tarapy tarapyndan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak babatda milli hem-de sebit başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen jemi alty sany ugurdaş çäre guraldy.

16-njy noýabrda geçirilen sessiýalaryň biri Merkezi Aziýada çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebitleýin merkezi döretmek baradaky başlangyja bagyşlandy.

Sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren Merkezi Aziýada çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebitleýin merkezi döretmek baradaky başlangyjyna esasy üns berildi.

Merkeziň döredilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, milli maksatnamalaryň utgaşdyrylmagyna, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna we gurakçylyga garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda geljekki Merkeziň işiniň esasy ugurlary, şol sanda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, gözegçilik we irki duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribe alyşmak hem-de sebit döwletleriniň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, ýerleriň zaýalanmagy, gurakçylygyň ýygylaşmagy, şeýle hem çäge we tozan tupanlary ýaly ekologiýa meseleleriniň serhetüsti häsiýetine aýratyn üns berildi.

Bilermenleriň pikir alyşmalarynyň dowamynda Halkara suw serişdelerini dolandyrmak instituty (IWMI), Bütindünýä banky we BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň mehanizmleri ýaly halkara guramalar we ýöriteleşdirilen edaralar bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem geljekki Merkeziň institusional esaslaryny kemala getirmek, onuň ileri tutulýan iş ugurlaryny kesgitlemek we sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

***

«Jemgyýetçilik guramalary we howa çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere» atly tematik sessiýa COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň howa we ekologiýa gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen guramagynda geçirilen ugurdaş çäreleriň altynjysy boldy.

Türkmenistanyň Milli pawilýonynda geçirilen çärä döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýaş wekilleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň dowamynda milli howa syýasatyny durmuşa geçirmekde, ilatyň ekologik habarlylygyny ýokarlandyrmakda we tebigaty goramak boýunça amaly başlangyçlary ilerletmekde raýat jemgyýetiniň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýaşlary howa meseleleriniň çözülmegine çekmek, şol sanda «Ýaşyl mekdepler» başlangyjyny durmuşa geçirmek, ekologik meýletinçiligi ösdürmek we daşky gurşawy goramak ulgamynda innowasion taslamalary ilerletmek meselelerine garaldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň döwlet edaralary we halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, tejribe alyşmagy giňeltmegiň hem-de sebit derejesinde bilelikdäki ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Çäräniň jemleri boýunça howa meselelerini çözmekde ýaşlaryň we raýat jemgyýetiniň gatnaşygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, durnukly ösüşiň bähbidine ýerli başlangyçlary halkara tagallalary bilen utgaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi.