2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa, Özbegistanyň Adalat Ministri R.Dawletow, Özbegistanyň adam hukuklary baradaky Milli merkeziniň Direktory A.Saidow, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Täjigistanyň Hemişelik wekili J.Hamidow we beyleki ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çäräniň baş maksady adam azatlyklaryny we hukuklaryny goramak boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegi dowam etmäge, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Merkezi Aziya ýurtlarynyň hökümetleriniň adam hukuklary babatdaky amala aşyrýan işleri baradaky bu Geňeşiniň agza ýurtlarynyň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak bolup durýar. Şeýle hem, bu çäre 2018-nji ýylda bellenilýän Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgelerini ýerine ýetirmekde Merkezi Aziýa döwletleriň meýilliligini dünýä jemgyýetine ýetirmekde platforma hökmünde çykyş edýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziya sebitinde döwlet syýasatynyň esasy ähmiýetleriniň biri hem demokratik ýörelgeleri we döwletiň hem-de jemgyýetiň hukuk esaslaryny berkitmekden, şeýle hem, her bir adamyň raýat, syýasy, ykdysadsy we sosial hukularyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekden bolup durýar, diýip bellediler. Şeýle hem, bu duşuşygyň “Merkezi Aziýa - BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi” düzüminde ilkinji gezek geçirilendigi nygtaldy.