2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi.
Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramaklyga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle hem, 70 ýyl mundan ozal kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy adamyň we raýatyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar edýär, jynsy, aýal-erkekligi, dili, dini, ýaşaýan ýeri, syýasy we beýleki ynamlary, milleti ýa-da gelip çykyşy, emläk, wezipe ýa başga bi ýagdaýy ýaly aýratynlyklar boýunça hiç bir suratda tapawut etmän, her bir adama üpjün edýär, diýilip bellenildi.
Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgeleriniň we hukuk esaslarynyň berkidilmegi, her bir adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek Merkezi Aziýa sebitinde döwlet syýsatynyňileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleri, hökümetara guramalary, raýat jemgyýtleri, hususy ulgam we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny goramaga niýetlenen ýörite maksatnamalary we meýilnamalay işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada bellenilip geçildi. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlary BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň we BMG AHG-niň Ýörite kadalary boýunça müdirliginiň öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde deňagramly we ýöriteleşdirilen ýörelgelerine hormat goýup, eden işlerini goldadylar.
Bu başlangyjy BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň agza-ýurtlary we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň ählumumy goldaw berendigini bellemek zerurdyr.