2018-nji ýylyň 9-njy martynda Beýik Britaniýanyň “University of Oxford” ýokary okuw mekdebiniň “The Oxford Silk Road Society“ jemgyýeti bilen bilelikde, uniwersitetiň “Lady Margaret Hall” kollejiniň binasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda we gaýtadan dikelmeginde Türkmenistanyň ornuna hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ulag pudagynyň ähmiýetine bagyşlanylan maslahat we resmi kabul edişlik geçirildi.
Çärä Beýik Britaniýanyň “University Çollege of London”, “Brunel University of London”, “University of Oxford” ýaly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahaty “The Oxford Silk Road Society“ jemgyýetiniň prezidenti Marçello Fantoni açyp, Beýik Britaniýanyň belli “University of Oxford” ýokary okuw mekdebinde täze döredilen bu jemgyýetiň ilkinji halkara çäresiniň Türkmenistanyň ilçihanasy bilen bilelikde geçirilmeginiň 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly we çuňňur mana eýe bolup durýandygyny belledi.
Dabaraly çärede Ilçi Ýa.Serýaýew Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin-jemgyýetçilik we halkara çäreleri, hususan-da “Amul-Hazar 2018” awtorallisi barada öz çykyşynda beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag-üstaşyr geçelgeleri baradaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada söz açylyp, Hazar deňzinde gurulýan täze portuň we logistika merkeziniň, Türkmenistanda bina edilen halkara howa menzilleriniň, halkara demir ýollarynyň diňe bir Türkmenistan üçin däl-de, bütin sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini has-da kuwwatlandyrmakda aýratyn ähmiýetli taslamalar bolup durýandygyny barada bellenilip geçildi.
Soňra Beýik Britaniýanyň “University Çollege of London” uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň mugallymy, doktor G.Joraýew çykyş edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň barha ösýändigini we Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandan geçýän böleginiň taryhyny çuňňur öwrenmekde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň taryhçy alymlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine ýardam edilýändigi barada belledi.
Çäräniň ahyrynda, maslahata gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.