2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Daşkent şäheriniň Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki balet teatrynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek maksady bilen Daşkent şäherine türkmen wekiliýetiniň düzümi bilen döredijilik we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, meşhur aýdymçylary we sazandalary, KHBS-niň wekilleri geldiler.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň wekilleri, giň jemgyýetçilik, döredijilik intellegensiýasy we bu ýurtda ýaşaýan watandaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, konsertiň maksatnamasyny estrada aýdymlary, halk kompozitorlarynyň we dünýä klassikleriniň eserleri, milli tanslary we aýdymlary düzen Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gurnamagynda uly konsert geçirildi.
Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň dowamynda Özbegistanyň giň jemgyýetçiligine ýurdumyzyň taryhy we medeni mirasyny görkezmek meýillendirilen Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň täsin toplumy hödürlendi.
Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy dowam edýär.