2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Pakistanyň “COMSATS” maglumat tehnologiýalary instituty bilen bilelikde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýylynda türkmen-pakistan gatnaşyklary» atly ylmy-amaly maslahaty geçirdiler.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Pakistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid-ul Hasan, Pakistanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Tassaduk Hussain, Pakistanda akkredetirlenen daşary ýurt Ilçileri we diplomatlary, “COMSATS” maglumat tehnologiýalary institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary, aspirantlary, talyplary we Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen wekilleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem 25 ýylyň içinde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada giňden gürrüň etdiler. Pakistan tarapyndan çykyş edenler, şol sanda Pakistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hasan, Ilçi T.Hussain Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasynda amala aşyrylýan uly göwrümli taslamalaryň işine ýokary baha berdiler. Hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilişi barada aýratyn bellenilip geçildi.