2018-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, Ilçihananyň işgärleriniň we Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.
Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dünýäde ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Amul–Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň geçirilýändigi barada gatnaşyjylara giňden gürrüň berildi.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet syýasatynda uly üns berilýär.
Milli Liderimiziň bu göreldesinden ruhlanyp, welosiped sportunyň köp sanly muşdaklary Daşkent şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän botanika bagynda şu günki geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar.