12 aprel 2018
4308
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy.
Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gazanan köp ugurly ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleri alyp barjakdygy barada ynandyrdy.
Başga habarlar
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
21
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
21
Oct
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek