icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 aprel 2018

1482

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde sport çäreleri geçirildi

Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda taslamasy işlenip taýýarlanylan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Ankara şäheriniň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähinde sportuň welosipedli ýöriş, wolleýbol, stol tennisi we küşt görnüşleri boýunça sport çäreleri geçirildi.

Köpçülikleýin sport çäresine Ilçihananyň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy we wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurt talyplary we "TRT Awaz" döwlet teleýaýlymynyň wekilleri gatnaşdylar.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýene bir üstünligi barada habar berlendigi, ýagny ýurdumyzyň teklibi bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigi barada bellenildi we Hormatly Prezidentimiziň täze ýeňişi bilen ähli çärä gatnaşyjylar gutlanyldy.

  Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy, Adalat we ösüş partiýasynyň Ordu welaýaty boýunça deputaty Metin Gündogdy Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän iri daşary-syýasy çäreleriň durmuşa geçirilýändigine öz taraplaryndan buýsanýandyklaryny we häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi.

Welosipedli ýöriş Türkmenistan seýilgähinde dowam etdirildi we onuň dowamynda jemi 10 km ýol geçildi. Welosiped sportuny we sagdyn-durmuş medeni çärelerini wagyz etmek üçin Ilçihana tarapyndan geçirilen bu çäreler Ilçihananyň diplomatlarynyň we türkmen talyplarynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat eder. Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi