2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi.
Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine umumy syn berdiler we bu çözgütleri durmuşa geçirmekde iki ýurduň degişli edaralary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini belläp geçdiler.
Gepleşikleriň dowamynda özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň mümkinçiliklerini seljerdiler we eksport-import dolanşygyny artdyrmagyň zerurdygyny belläp geçdiler. Şeýle-hem taraplar energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagaty, ýokary tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar medeni-ynsanperwer ugrynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de ylym, medeniýet we bilim ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meýillerini beýan etdiler.
Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi we geljekki döwürdäki döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.