2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi.
2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.
Onuň düzümine dürli müdirlikleriň we departamentleriň — senagat-innowasiýa ösüşi, döwlet girdejileri, telekeçilik we söwda, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, medeniýet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Aktau şäheriniň we Karakiýan etrabynyň ýolbaşçylary, şeýle hem oblast maslyhatynyň deputatlary, iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň, telekeçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdi.
Şu gezekki duşuşygyň barşynda gazagystanly hyzmatdaşlara okgunly ösýän türkmen bazarynyň giň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyz örän baý tebigy serişdelere hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir, şeýle hem iri möçberli taslamalar, şol sanda senagatlaşdyrmak, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini artdyrmakda gazanan sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Gazagystanly işewürler öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar, munuň üçin Balkan welaýatynyň we Mangistau oblastynyň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň haryt öndürijileriniň ýeten sepgitlerini bu ýerde guralan bilelikdäki sergi aýdyň görkezdi, onda hususan-da, hususy we döwlet gurluşyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, tikin, süýji-köke öndürýän kärhanalaryň dürli önümleri görkezildi.
Myhmanlaryň Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, ministrilkleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň telekeçileri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada has anyk pikir alyşmalar boldy.
Gazagystanyň wekilýetiniň agzalary mähirli garşylanandyklary hem-de işewürlik duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, gazanylan ylalaşyklaryň özara ynam we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döredijilik toparlarynyň, aýdymçylarynyň, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriniň bilelikdäki uly konserti geçirildi. Bu ýerde şeýle hem iki dostlukly ýurduň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.