2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Rus tarapyna Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.S. Iwanow ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Geňeşmeleriň çarçuwasynda gatnaşyjylar migrasiýa ugrunda halkara gün tertibiniň meselelerine garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary geljekde özaragatnaşyklary giňeltmek we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.