2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Milletleriň merkezi uniwersitetiniň sport toplumynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň işgärleriniň, Pekiniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň şeýle-hem türkmen we hytaý talyplarynyň gatnaşmagynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport baýramçylygy geçirildi.
Sport çäresi Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Hytaýyň paýtagtynyň Milletleriň merkezi uniwersiteti bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününiň çäklerinde we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda kabul edilen “Bütindünýä welosiped güni” Kararnamasyna bagyşlanyp gurnaldy.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi Ç.Rustamowa çykyş edip, ähli gatnaşyjylary gutlady we uniwersitetiň ýolbaşçylaryna bu wajyp sport baýramçylygyny geçirmekde bilelikdäki taýýarlyklar üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra Milletleriň merkezi uniwersitetiniň rektory Huan Taýýaan çykyş etdi, ol halkara meýdançasynda Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň ösüşine we Hytaý bilen Türkmenistanyň talyplarynyň arasyndaky dostlugy berkitmekde geçirilýän bilelikdäki sport baýramçylygyna ýokary baha berdi.
Çärä gatnaşyjylar ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgaw, wolleýbol we basketbol, şaşka boýunça ýaryş ýaly sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler.
Sport ýaryşlaryny estafeta ylgawy açdy, oňa türkmen we hytaý talyplary gatnaşdylar. Ýeňil atletika ylgawynyň yzy bilen welosiped ýörişi geçirildi, oňa türkmen hem-de hytaý talyplary işjeň gatnaşdylar.
Sport çäresiniň jemleri boýunça ýeňijilere we ýörite hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.