Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.
Ýurdumyzda “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda guralan bu sergi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol köp sanly daşary ýurtly muşdaklara taryhyň gadymy döwürlerine şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol döwürlerde Gündogaryň aýry-aýry patyşalyklarynyň arasynda halkara gatnaşyklar ýola goýlup başlapdyr.
Gadymy Marguşuň çäginde köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar tarapyndan şol gadymy durmuşyň aýdyň subutnamalary tapyldy. Birmahallar ýeriň çuň gatlagynda galan bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň birnäçe muzeýleriniň gymmatlyklaryna öwrüldi, öýler, şalaryň köşgi we onuň töweregindäki keramatly ýerler “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalary bolup durýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologik gymmatlyklary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde sungatyň ösen derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ägirt uly Goňurdepe oturymly ýeri onuň merkezi bolupdyr. Ol häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýär. XXI asyrda Marguş ýurdy döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatlylygynyň hem-de bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülýär.
Sergi 15-nji oktýabra çenli dowam eder hem-de Berlinden soň, nemes şäherleriniň ikisinde guralar. Dört aýyň dowamynda sergä Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeýler toplumynda tomaşa edip bolar.
Ýörite şu waka mynasybetli alymlar hem-de taryhyň muşdaklarynyň giň köpçüligi üçin niýetlenen katalog neşir edildi. Sergä gelýänler gözden geçirilişde öz ajaýyp medeniýetiniň beýikligini dünýä äşgär edýän gadymy türkmen patyşalygynyň hakyky gymmatlyklaryny görüp bilerler.