2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi.
Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň bilermenleriniň dördünji duşuşygydyr.
Hazar sebiti ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir, onuň doly möçberde amala aşyrylmagy kenarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerine deň derejede laýyk gelýär. Häzirki duşuşygyň barşynda öňe sürlen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça çekişmeleriň netijeli häsiýeti agzalan ugurda taraplaryň işjeň gatnaşyk etmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga tarap umumy ymtylmalary maksat edinýändigine şaýatlyk edýär.
Bu resminamanyň taslamasynda Hazarýaka ýurtlaryň hökümet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyk etmegiň netijeli usullaryny döretmäge mümkinçilik berjek hukuk we guramaçylyk serişdeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa öz gezeginde özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň ösmegine, haryt dolanyşygynyň artmagyna hyzmat eder, sebitiň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrar, sebit we sebitara derejede ykdysady taýdan ýakynlaşmaga ýardam berer.