2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy.
Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle hem telekeçilik birleşikleriniň we işewürler toparynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde taraplar ikitaraplaýyn dürli ugurlarda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda ykdysadyýet, energetika, maliýe, saglygy goraýyş, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, infrastruktura we syýahatçylyk pudaklarynda, şeýle hem beýleki ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda “Sofitel Berlin Kurfýurstendamm” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we GFR-ň kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we tekeçiler birleşmesi tarapyndan tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çäräniň dowamynda iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky ähtnamalara gol çekildi.