2018-nji ýylyň 15-nji maýynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi.
Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju, Atatürk uniwersitetiniň professory, doktor Ali Kafkasýaly we türk wekilýetiniň agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler “Beýik ýüpek ýolunuň ýüregi” hasaplanylýan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň taryhy kökleri, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, onuň şu günki we geljekki ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Atatürk uniwersitetiniň professory, doktor Ali Kafkasýaly 60-dan gowrak döwletleri özünde jemleýän Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen dilleriň, medeniýetleriň we dinleriň täsirleşendigini, üstünde dürli harytlar şeýle hem ýüpek daşalandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ugurda alyp barýan başlangyçlarynyň öz gezeginde Türkiýe Respublikasy tarapyndan hem uly goldaw tapýandygyny aýtdy.
Maslahatda çykyş edenler iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalanmagyny we berkemegini arzuw etdiler.