2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde geljekde özaragatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny we zerurlygyny bellediler. Maglumat gurşawyndaky häzirki ýagdaý barada pikirleri alyşyp, taraplar halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiýasynyň we syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da geljekde bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň çaginde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.