2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Maldiwler Respublikasynyň daşky gurşaw goramak we energetika ministri Torik Ibragim bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güçlendirmek bolup durýar diýip türkmen tarapy belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Maldiwler Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary berkitmekde we giňeltmekde gyzklanma bildirdi. Taraplaryň belläp geçmegine görä halkara guramalarynda hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ýene bir geljegi bar bolan ugry bolup durýar. Maldiwler Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä welosiped güni” Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýandygy bellenilip geçildi.
Gatnaşyklaryň söwda-ykdysady düzümi barada aýdylanda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem energetika, syýahatçylyk, daşky gurşaw we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.