Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem parlament wekilleri, žurnalisler we ygtyýarly guramalaryň, bilim we ylmy-barlag edaralaryň işgärleri ÝHHG-niň gurnan seminarynyň dowamynda teleradioýaýlymy dolandyrmagyň we ýaýlyma bermegiň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Teleradioýaýlymy dolandyrmagyň halkara standartlary we ýaýlyma bermegiň täze görnüşleri» atly okuw maslahaty 2018-nji ýylyň 21-22-nji maýy aralygynda Aşgabatda geçirildi.
Halkara bilermenleri A.Kaçkaýewa (Russiýa) we A.Maýofis (Ysraýyl) ýaýlyma bermegiň ençeme görnüşlerini, şol sanda jemgyýetçilik, hususy we telekeçilik görnüşleriniň görkezilşini geçirdiler we olaryň aýratynlyklary hem-de wehimleri barada aýtdylar. Geçiş görnüşlerini ulanýan ýurtlaryň halkara tejribelerine we milli aýratynlyklaryna üns berildi.
«Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisi Telewideniýe we radiogepleşikler barada Kanun kabul etdi. Bu kanunyň kabul edilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada milli kanunçylygyny kämilleşdirmegiň ugrunda we ony halkara standartlaryna we häzirki zaman media gurşawynyň talaplaryna laýyk getirmekde wajyp ädim bolup durýar», - diýip, Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd belledi.
Ilçi Drozd seminar ýaýlyma goýbermegiň täze görnüşlerine geçmek we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin mümkinçilik döretdi hem-de ýaýlyma iberýän KHBS-ni köpeltmek maksady bilen teleradioýaýlymy dolandyrmagyň netijeli mehanizmleri babatda gepleşikleri üçin mümkinçilik berendigi babatda aýtdy.
Okuw maslahatynyň çäginde biznes-modeli işläp taýýarlamak, auditoriýany we düzüjisini bellemek ýaly hususy telekompaniýalaryny döretmek bilen bagly milli hem-de sebitleýin derejelerde ýaýlyma ibermegiň mümkin bolan görnüşleri barada interaktiw gepleşikler geçirildi. Gatnaşyjylar guramaçylyk düzümiň we strategiýanyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, hususy telewideniýe we bäsdeşlik meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Seminar Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkeziniň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada milli kanunçylygyny kämilleşdirmegiň we pikirleri beýan etmegiň azatlygyna ýardam etmek babatda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň çäginde gurnaldy.