2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Sankt-Peterburgyň Taryhy seýilgähinde surat sergisiniň dabaraly açylyşy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Çäre Sankt-Peterburgdaky Halkara gatnaşyklar we migrasiýa syýasatynyň durmuşa geçirmek boýunça komitetiniň, «Milletleriň Sankt-Peterburg öýi», «Russiýa – meniň taryhym» taryhy seýigähiniň goldawy bilen Sankt-Peterburg we Russiýanyň demirgazyk-günbatary boýunça dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşmesi – türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Jemgyýeti we «Ýakyn Gündogar» Medeniýet merkezi tarapyndan gurnaldy.
Açylyş dabarasyna Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Okruşko, Sankt-Peterburgyň baş müftisi R.Pançeýew, daşary gatnaşyklar boýunça Komitetiniň we Milletleriň Sankt-Peterburg öýüniň işgärleri, şäheriň medeniýet birleşikleriniň ýolbaşçylary, türkmen kowçumynyň wekilleri, talyplar we ýaşlar birleşikleriniň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri gatnaşdylar.
«Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» surat sergisi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň dünýäde gaýtalanmaz taryhy-medeni mirasyny we arheologiki hem-de tebigy gymmatlyklary, giň möçberli gazananlary, syýahatçylyk mümkinçilikleri we türkmen halkynyň däplerini ýaýbaňlandyrmak boýunça konsepsiýasyny şöhlelendirýär.
Maksatnamanyň ahyrynda gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlarynyň we sebitleriniň folklýor kopozisiýalary gökezildi. Türkmen talyplarynyň Sankt-Peterburgdaky «Bagtyýarlyk» geňeşiniň wekilleri dabara gatnaşyjylary bagşylaryň sungaty bilen tanyşdyrdylar.