2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Helsinkide Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Finlýand tarapyna bu ýyrduň Daşary işler ministrliginiň Rossiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň Baş direktory hanym Maimo Henriksson ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda, BMG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Finlýandiýanyň şu ýylyň ikinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginde başlyklyk etmegini nazarda tutup, taraplar Türkmenistanyň ÝB intitutlary we ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler hem-de gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek we olary täze derejä çykarmak boýunça teklipleriň ençemesini beýan etdiler.
Şeýle hem halkara howpsuzlygynyň sebitleýin meseleleri we aspektleri boýunça pikirler alşyldy, olaryň hatarynda sebitde halkara howplaryna garşy durmak we ýaragsyzlandyrmak bellenildi. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny özara gatnaşyklaryň täze mehanizmleri arkaly giňeltmek boýunça işjeňleşdirmegiň zerurlygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýurtlaryň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejä çykarmak boýunça meýillerini beýan etdiler.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýanyň DIM-niň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary jenap S.Wirtanen we DIM-niň Döwlet Sekretarynyň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça orunbasary hanym A.Sipilaýnen bilen duşuşyklary geçirdi.