2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Portugaliýanyň DIM-niň Ýörite wekili, Portugaliýanyň Türkiýe Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Paula Leal da Silwa bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we daşary syýasy gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp malslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Portugaliýa bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary dowam etmek meýilini nazarda tutmak bilen, Ilçi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary giňeltmek meýillerini belledi. Özaragatnaşyklaryň tutuş çygryny giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn bellenilip geçildi.