2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Sibiu şäherindäki Brukintal milli muzeýinde ýurdumyzyň Ilçihanasy tarapyndan agzalan muzeý bilen bileleikde gurnalan Türkmenistanyň sergisiniň resmi açylyşy geçirildi. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna”bagyşlanandyr.
Segide türkmen el halylary, milli egin-eşikleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri, ýurdumyz baradaky beýleki neşir maglumatlary, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilendir.
Sergisiniň açylyş dabarasyna Brukintal milli muzeýiniň ýolbaşçylary, ýerli dolandyryş edaralarynyň we Sibiu şäherinde akkreditirlenen diplomatik gullugynyň wekilleri, jemgyýetçilik we intelligensiýa wekilleri, KHBS, şeýle hem Sibiu şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdylar.
Sergisiniň resmi açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň medeniýetiniň baýlygy barada aýdyp, geçirilýän çäräniň Sibiu şäheriniň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň medeniýeti we halk sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Serginiň işi 17-nji oktýabra çenli dowam etdiriler.
Serginiň açylyş dabarasyndan soňra muzeýiň kabul edişlikler otagynda Ilçihana tarapyndan sergä gatnaşyjylar we myhmanlar üçin kabul edişlik gurnaldy.