2018-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda “Türkmenistan we Hytaý – serhetsiz dostluk” atly medeni-bilim maslahaty geçirildi. Bu forum 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Forumy Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Pekiniň Medeni-bilim ýaşlar merkezi tarapyndan guraldy.
Çärä 60 hem gowrak adam gatnaşdy, şol sanda Hytaýyň dürli şäherlerinden gelen orta mekdepleriň başlangyç synplaryň okuwçylary we mugallymlary, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň HHR-däki Ilçisi Ç.Rustamowa ýygnananlara 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylmagynyň manysyny düşündirdi we türkmen halkynyň gadymydygyny we ruhy taýdan baýdygyny açyp görkezýän ykdysady, medeni we taryhy maglumatlaryň öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi.
Forumyň çäklerinde ýaş habarçylar topary Türkmenistanyň HHR-däki Ilçisinden interwýu aldylar. Ýaş habarçylar, esasan-da, Türkmenistanyň taryhy we ýadygärlikleri, döwlet nyşanlary we medeni gymmatlyklary, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen gyzyklanyp soraglar berdiler.
Hytaýly mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň halk aýdymlaryndan, edebi-sazly çykyşlardan we türkmen hem-de hytaý dillerinde aýdylan goşgulardan taýýarlan konserti gatnaşyjylaryň hiçisini biparh goýmady.
Çäräniň iň gyzykly pursaty ýörite gazanda türkmen palawynyň taýýarlanylmagy boldy. Gatnaşyjylar onuň bişirilşini uly üns we gyzyklanma bilen synladylar. Çäräniň ahyrynda myhmanlara Ilçihanada taýýarlanylan türkmen milli tagamlary hödür edildi.