2018-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy.
Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadagan etmek hakyndaky Şertnamanyň Taýýarlaýyş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger we BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Hiroşi Kuniýoşi bilen duşuşyklar geçirdi.
Ýokarda atlary agzalan halkara düzümleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, tehniki hyzmatdaşlyk, energetika, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar hususy sektory we oba hojalygyny ösdürmek ýaly meselelere garadylar.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Ýewropa meseleleri, integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň Baş sekretary Ýohannes Peterlik bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, esasan-da BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seretdiler.