2018-nji ýylyň 10-13-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş sapary döwlet ýolbaşçysynyň ýurduň agrosenagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekmek, oba hojalyk önümleriniň ekspotyny köpeltmek we gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çaginde gurnaldy.
Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti HHR-yň Söwda ministrliginde duşuşyk geçirip, türkmen pagtasyny we ondan işläp öndürilen harytlaryny ibermegiň meseleleri boýunça pikirler alşyldy. Maýa goýum alşygynyň, şeýle hem HHR-yň Türkmenistandan pagta önümleriň, şol sanda pagta lintiniň eksportynyň paýynyň ýokarlanmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa işleri boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Ma Çi Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ekspotyna hoşallygyny beýan etdi we ýurduň agrosenagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini goldaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň wekiliýeti hytaý ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegi we milli ekportçylarynyň goldanylmagy bilen meşgullanýan Hytaýyň hususy sektorynyň halkara palatasynyň ýolbaşçysy Wan Ýango bilen gepleşikleri geçirdi.
Ikitaraplaýyn gepleşikler Hytaýyň «China textile Corporation Limited», «China National Cotton Group Corporation» we «China National Cotton Exchange» söwda biržasy ýaly iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti hytaý işewürler jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçilikleri, oba hojalyk önümçiliginde maýa goçum taslamalary, şeýle hem logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Hytaý kompaniýalary öz gezeginde Türkmenistanyň agrosenagat toplumyndaky maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda oba hojalyk önümçiligine ýokary tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işi barada ylalaşyldy.