2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat adatdan daşary ýagdaýlarda meýilleşdirmek we seslenmek ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň konsullyk gulluklarynyň mümkinçilikleriniň berkidilmegine we maglumat üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Okuw maslahaty Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Içeri işler, Goranmak ministrlikleriniň, şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň umumy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň arasynda konsullyk goragy we özara raýdaşlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmek arkaly, çökgünlik geçirýän ýurtlarda migrantlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin sebitleýin mümkinçiligini berkitmekden ybaratdyr.
Açyk gepleşikler görnüşinde geçen okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylaryň özara tejribelerini alyşmak, tematiki barlaglary we esasy konsepsiýalary tanyşdyrmak üçin mümkinçilik döredildi.
Maslahatyň maksatnamasy degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleriniň maglumat üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, konsullyk gulluklarynyň mümkinçiliklerini berkitmek, degişli milli we sebitleýin guramalaryň arasyndaky sazlaşygyna ýardam bermek üçin meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik berer.